PKK-a agza 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Milli Goranmak ministrligi operasiýa bilen bagly beýanat berdi

1466093
PKK-a agza 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi ekstremist terror guramasy PKK-a agza 10 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Goranmak ministrligi tarapyndan düýn berilen beýanatda, Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň terrorçylara garşy göreşiniň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi aýan edildi.

Beýanatda: “Soňky 24 sagatda 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Operasiýalarymyz islendik howa şertlerinde we ýerde arakesmesiz dowam edýär” diýip habar berildi.


Etiketkalar: #operasiýa , #Türkiýe

Degişli Habarlar