Türkiýe Kovid-19-yň mutasiýa sezewar bolup-bolmandygyny derňär

Saglygy goraýyş ministrligi, täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň Türkiýede mutasiýa sezewar bolup-bolmandygyny anyklamak üçin işe girişdi

1465482
Türkiýe Kovid-19-yň mutasiýa sezewar bolup-bolmandygyny derňär

Halk Saglygy goraýyş edarasynyň Milli wirusologiýa laboratoriýasynda, 11-nji martdan bäri Türkiýäni täsiri astyna alan koronawirus epidemiýasynyň Türkiýede mutasiýa sezewar bolup-bolmandygyny anyklamak üçin iş alynyp barylýar.

Dos. Dr. Gülaý Korukluogly we topary, Türkiýäniň tapawutly sebitlerinden takmynan 4 aý bäri ýygnalan nusgalaryň üstünde işlemäge başlady.

1 hepde ozal başlan anyklaýyş işleri 4 hepde dowam eder we netijesi Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja tarapyndan aýan ediler.



Degişli Habarlar