"Türkiýe serhet howpsuzlygy üçin edýän ähli göçümlerinde milli özygtyýarlylyk hukuklaryny ulanýar"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň serhet howpsuzlygy üçin edýän ähli göçümlerinde milli özygtyýarlylyk hukuklaryny ulanýandygyny belledi

1459110
"Türkiýe serhet howpsuzlygy üçin edýän ähli göçümlerinde milli özygtyýarlylyk hukuklaryny ulanýar"

Prezident Erdogan, Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde Prezident dolanşyk ulgamyna geçişiň 2 ýylyň jemlerini jemlemek maslahatynda çykyş etdi. 

Prezident Erdogan, Türkiýäniň Prezident dolanşyk ulgamy bilen sebitleýin we global krizislere has täsirli, has çalt we giň gerimli göçümler etmek mümkinçiligine gowuşandygyny belledi. 

Türkiýäniň hemişe öz haklaryny gorajak bir ýurt boljakdygana ünsleri çeken Erdogan: "Hiç kimiň hakyny elinden almaýan, emma öz hakyny gaňyryp alýan bir ýurt hökmünde hereket etmäge dowam ederis. Dolanşyk ulgamyny üýtgedýän mahalymyz syýasatdan sosial düzedişlere çenli ençeme ugurda üýtgeşmeleriň sanjylarynyň başdan geçirilmegi gutulgysyzdyr" diýip belledi. 

Erdogan: "Soňky 2 ýylda Prezident hökmünde öz golumyz bilen kabul eden 64 kararnama we 2 müň 755 karar bilen milletimize arakesmesiz ýagdaýda hyzmat berdik. Täze görnüş koronawirus epidemiýasy tapgyry bilen birlikde 180 günlik ýerine ýetiriş programmalarymyzda meýilleşdiren 2 müň 384 aýry taslamanyň 93 göterimini tamamladyk. Has gowusyny, has laýygyny, has owadanyny tapan mahalymyz her dürli täzeliklere hem köňlümiz hem-de syýasatymyz açykdyr" diýip belledi. 


Etiketkalar: #Prezident , #Erdogan

Degişli Habarlar