Terror guramasy PKK-a garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýada Ýewfrat galkany operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy göz tussaglygyna alyndy

1456856
Terror guramasy PKK-a garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
pkk silah muhimmat.jpg
tsk asker.jpg

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Terror guramasy PKK/ÝPG-nyň asudalyk we durnuklylyk gurşawyny bozmak üçin geçirmek islän aksiýalarynyň öňüniň alynmagy maksady bilen amala aşyrylýan operasiýalarda, Ýewfrat galkany operasiýasy sebitinde PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy göz tussaglygyna alyndy" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan, Hakkari welaýatynda, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy operasiýada partlaýjy, taňka garşy raketa we biksi görnüşli tüpeňiň ok-därisi ele salyndy.

Hakkari welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, welaýat Žandarma serkerdeligi tarapyndan ekstremist terror guramasy PKK/KJK-agza terrorçylaryň anyklanmagy we olaryň aksiýalaryň öňüniň alynmagy maksady bilen giň-gerimli operasiýalar dowam etdirilýär. 

Şol çäkde düýn Derejik etrabynyň Gelişen obasynda geçirilen operasiýada, taňka garşy raketalar, partlaýjylar, 58 sany biksi görnüşli tüpeňiň ok-därisi we tüpeňiň gundagy ele salyndy. 



Degişli Habarlar