Ibrahim Kalyn 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebilsik güni bilen bagly beýanat berdi

Kalyn, 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň 4-nji ýylynda Türkiýäniň demokratiýasyny we azatlyklaryny goramak üçin dolulygyna tutanýerli bir pozisiýa eýeleýändigini beýan etdi

1455447
Ibrahim Kalyn 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebilsik güni bilen bagly beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň 4-nji ýylynda Türkiýäniň demokratiýasyny we azatlyklaryny goramak üçin dolulygyna tutanýerli bir pozisiýa eýeleýändigini beýan etdi. 

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni bilen bagly beren beýanatynda: "Fetullahçy terror guramasyna garşy göreş, hukugyň hökmürowanlygy we adaty haklaryň we azatlyklaryň goranmagy prinsipleri göz öňünde tutulyp, döwletiň içindäki guramaçylykly düzümi ýüze çykarylyp, agzalaryna garşy geçirilýän adalatly kazyýet işleri tutanýerli we jikme-jik ýagdaýda dowam edýär, garaşsyz kazyýetleriň öňünde hasap soralýar" diýip belledi. 

Imperialist güýçleriň kömekçi potratçylygyna bürenen din we bilim gatlagynyň aşagyndaky dönük FETÖ-niň maksatlaryna ýetmändigini, milletiň bu göreşden güýçlenip çykandygyny aýdan Kalyn, Türkiýäniň başyna bular ýaly bir belanyň gelmezligi üçin birlik we jebislik içinde tagalla etmäge dowam etjekdiklerini habar berdi. 

Dönük huntaçylaryň şol gije Prezident Rejep Taýýip Erdogany we maşgalasyny nyşana almaga synanyşandygyny aýdan Kalyn: "Prezidentimiziň çagyryşy bilen halkymyz agdarlyşyk synanyşygynyň öňüni almak üçin köçelere çykdylar, üstüne F-16 uçarlar, taňklar we agyr ýaraglar bilen od açylmagyna garamazdan ozal görülip-eşidilmedik bir gahrymançylyk görkezdi, janlaryny orta goýup bu ganly agdarlyşygy yzyna serpikdirmegiň hötdesinden geldi. Şol gije bigünä 251 raýatymyz dönükleriň oklary bilen şehit boldy, 2 müň 194 raýatymyz bolsa ýaralandy. Bulary asla ýatdan çykarmarys, ýatdan çykarytdyrmarys" diýip belledi. 

"Türkiýe, FETÖ, PKK, DAIŞ we beýleki ähli terror guramalaryna garşy tutanýerli göreşini dowam etdirip, demokratiýasyny, azatlygyny we garaşsyzlygyny ähli görnüşli howplara garşy gorar" diýip nygtan Kalyn: "Watan ugrunda janlaryny gahrymanlarça pida eden 15-nji iýuldaky şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralap geçýärin. Milli birligimiziň we jebisligimiziň nyşany bolan 15-nji iýul ruhunyň nesiller boýu dowam etmegini dileýärin" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar