"ÝB-niň Aýasofýa baradaky beýanatyny we Aýasofýa kararyny ýazgarýan sözüni kabul etmeýäris"

Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Ankara gelen Maltanyň Daşary işler ministri Ewarist Bartolo bilen duşuşdy

1454901
"ÝB-niň Aýasofýa baradaky beýanatyny we  Aýasofýa kararyny ýazgarýan sözüni kabul etmeýäris"

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, ÝB-niň Aýasofýa baradaky beýanatyny we Ankaranyň Aýasofýa kararyny ýazgarýan sözüni kabul etmeýändiklerini aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen Ankara gelen Maltanyň Daşary işler ministri Ewarist Bartolo bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Worreliň Aýasofýa baradaky beýanatyna reaksiýa bildiren Çawuşoglu “Borreliň Aýafosýa kararyny ýazgarýan sözüni kabul etmeýäris. Ispaniýada metjit hökmünde gurlan soň buthana öwrülen binalar bar. Onda biz hem Ispaniýa şol buthanalary ýaňadandan metjide öwüriň, sizi ýazgarýarys diýmelimi?”diýdi.

Mewlüt Çawuşoglu Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde gepleşige taýardyklaryny belledi.

Maltanyň Daşary işler ministri Bartolo bolsa Liwiýa meselesinde durup geçdi we libiýalylaryň biri-birlerine zeper ýetirmeklerini islemeýändiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar