Hyýanatçylykly harby agdarlyşyk synanyşygy hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda gürrüň beriler

Kommunikasiýalar edarasy geçiriljek çäreler barada beýanat berdi

1452177
Hyýanatçylykly harby agdarlyşyk synanyşygy hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda gürrüň beriler

15-nji iýul hyýanatçylykly harby agdarlyşyk synanyşygynyň 4-nji ýylynda hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtlarda, harby agdarlyşyk synanyşygyna garşy milletiň alyp baran epiki göreşini we Fetullahçy terror guramasynyň dönükligini gürrüň berjek takmynan 3 müň gepleşik we çäre geçiriler. 

Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýanata görä, 15-nji iýul hyýanatçylykly harby agdarlyşyk synanyşygynyň 4-nji ýylynda milletiň ýeňişiniň ýatdan çykarylmazlygy üçin Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hem gatnaşjak çäreler geçiriler. 

Ministrlikler, döwlet edaralary, uniwersitetler we jemgyýetçilik guramalary, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň koordinasiýasy esasynda Türkiýe başda bolmak bilen dünýäniň ençeme ýurdunda, FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky hyýanatçylykly harby agdarlyşyk synanyşygyna garşy milletiň alyp baran epiki göreşini hatyralajak we gürrüň berjek çäreler geçirerler. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #15-nji iýul

Degişli Habarlar