“TRT Habar” Telegram Ýaýlymlaryna Başlady

Türkiýedäki we dünýädäki ähli täzelikleri şolbir pursatda habar berýän “TRT Habaryň”  “Telegram” ýaýlymy açyldy

1452215
“TRT Habar” Telegram Ýaýlymlaryna Başlady

Habar bilen bagly ähli giňişlikde işjeň pozisiýa eýeleýän “TRT Habar” iň täze habarlary we gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky iň möhüm maglumatlary “Telegram” arkaly hem halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirer.

Mundan ozal Twitter, İnstagram, Fajebook, ÝuoTube, Linkedin, Medium, Pinterest, Weibo ýaly sosial giňişliklerde orun eýelän “TRT Habar”, Telegram arkaly hem habarlaryny okyjylarynyň dykgatyna ýetirer.

Aktual wakalardan we biri-birinden gyzykly maglumatlardan şolbir pursatda habarly bolmak üçin “TRT Habaryň” Telegram ýaýlymy siziň hyzmatyňyzda.

TRT Telegram üçin: https://t.me/trthaberdijital


Etiketkalar: #Telegram , #TRT Habar

Degişli Habarlar