Mewlüt Çawuşogly Boris Jonson bilen duşuşyk geçirdi

Çawuşogly, Britaniýa guran saparynyň çäginde koronawirusa garşy bejergi alýan ýurdyň Premýer ministri Boris Jonson bilen duşuşdy

1451743
Mewlüt Çawuşogly Boris Jonson bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Britaniýa guran saparynyň çäginde koronawirusa garşy bejergi alýan ýurdyň Premýer ministri Boris Jonson bilen duşuşdy.

Duşuşgyndan soň metbugat işgärlerine beýanat beren Mewlüt Çawuşogly: "Jonsonyň ýagdaýy gowy, saglygy ýerinde we Prezidentimiziň salamyny ýetirdik. Şol bir wagtda özüne Prezidentimiziň Türkiýä çakylygyny ýatlatdyk we dogulan bäbegi mynasybetli gutladyk" diýip belledi. 

Mewlüt Çawuşogly Britaniýa guran saparynyň çäginde ilki bilen Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Türkiýe toparynyň başlygy Jeffreý Donaldson, ondan soň bolsa kärdeşi Dominik Raab bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi. 

Ministr Çawuşogly duşuşyklarda Kovid-19-a garşy göreş, saglygy goraýyş ugrunda hyzmatdaşlyk, erkin söwda ylalaşygy bilen bagly gepleşikler, ykdysady gatnaşyklar, Breksit tapgyryndan soň gatnaşyklary haýsy ugurlar boýunça özgedip boljakdygyny maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. 

Syýahatçylyk, saglygy goraýyş syýahatçylygy, goranyş senagatynda hyzmatdaşlyk ugurlaryny ele alandyklaryny aýdan Çawuşogly: "Beýleki tarapdan Liwiýany, Siriýany, beýleki sebitleýin meseleleri, NATO meselesini bilelikde ela almaga mümkinçiligimiz boldy" diýip beýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, syýasy çözgüt we Liwiýanyň birligi we territorial bütewiligi babatynda Beýik Britaniýa bilen Türkiýäniň arasynda pikir aýrylygynyň bolmandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar