Fahrettin Koja, Hans Klýugeni kabul etdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň direktory Hans Klýugeni kabul etdi

1452218
Fahrettin Koja, Hans Klýugeni kabul etdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň direktory Hans Klýuge, Türkiýäniň guran saparynyň çäginde Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja bilen duşuşyk geçirdi. 

Fahrettin Koja, Hans Klýuge bilen geçiren duşuşygyndan soň beren beýanatynda: "Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ynsanperwer we Adatdan daşary Saglygy goraýyş ýagdaýlaryna taýarlyk ofisini Stambulda açarys. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy taýdan aýratyn bir ýere eýe bolan ofis, etjek işleri bilen koronawirus epidemiýasyndaky zerurlyklaryň üpjün edilmegi babatynda ýol görkeziji bolar" diýip habar berdi. 

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň direktory Hans Klýuge bolsa beren beýanatynda: "Koronawirusa garşy görkezýän raýdaşlygy üçin türk halkyna we ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar