Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler berýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 176 müň 965 adama ýetdi

1447892
Kovid-19-a garşy görülýän çäreler oňyn netijeler berýär

 

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 17 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 5 müň 167 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 49 müň 714 adam testden geçirilip, ýene-de 1186 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1543  adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 176 müň 965 adama ýetdi.


Etiketkalar: #Kovid-19 , #netije , #koronawirus

Degişli Habarlar