Türkiýe täze görnüş koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeler almaga dowam edýär

Soňky 24 sagatda 51 müň 14 adam testden geçirildi

1445701
Türkiýe täze görnüş koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeler almaga dowam edýär

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 18 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany  müň 115 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 51 müň 14 adam testden geçirilip, ýene-de 1374 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1374  adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 171 müň 809 adama ýetdi.



Degişli Habarlar