Tunjelide 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Welaýatda operasiýalar dowam edýär

1443833
Tunjelide 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 

Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynda 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Içeri işler ministrliginden berlen beýanata görä, Owajyk etrabynda terrorçylara garşy guralan operasiýada howa güýçleriniň goldaw bermeginde 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

 Terrorçylar bilen bolan çaknyşykda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylardan biriniň Çal sanawda gözlenýän “Argeş” lakamly Osman İşleýendigi anyklanyldy.

Welaýatda operasiýalar dowam edýär.

Beýleki tarapdan Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda düýn agyz suwyny çykarýan işçilere hüjüm eden ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar