Hulusi Akar serkerdeleri bilen birlikde Şyrnakdaky operasiýa merkezine bardy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar üstünlikli ýagdaýda dowam edýän operasiýa hakynda maglumat aldy

1439331
Hulusi Akar serkerdeleri bilen birlikde Şyrnakdaky operasiýa merkezine bardy

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Türk ýaragly güýçleriniň serkerdeleri bilen birlikde Şyrnakdaky operasiýa merkezine bardy

Türk ýaragly güýçleriniň serkerdeleri bilen Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy guralýan “Penje-Gaplaň” operasiýasynyň gönükdirilýän merkezine baran Milli Goranmak ministri Hulusi Akar üstünlikli ýagdaýda dowam edýän operasiýa hakynda maglumat aldy.

Soňky döwürde Yragyň demirgazygyndan harby merkezlere hüjüm guramak bilen ýurduň serhetlerine we halkyň howpsyzlygyna wehim salýan terror guramasy PKK-a garşy Türk ýaragly güýçleri tarapyndan başladylan “Penje-Gaplaň” operasiýasy meýilleşdirilşi ýaly üstünlikli ýagdaýda dowam edýär.

15-nji iýunda başlan “Penje-Bürgüt” operasiýasynyň yzy ýanyndan başlan “Penje-Gaplaň” operasiýasynyň çäginde Hafteninde terrorçylara degişli nyşanalar hatardan çykarylýar.



Degişli Habarlar