Terrorçylara garşy göreş dowam edýär

Siirt-Eruh Jiraf diýilen ýerde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 5-e ýetdi

1435806
Terrorçylara garşy göreş dowam edýär

Içeri işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, içerki howpsuzlyk operasiýalarynyň çäginde Siirt welaýatynyň Eruh Jiraf diýilen ýerinde welaýat Žandarma serkerdeligi tarapyndan dowam etdirilýän howa güýçleriniň goldaw bermegindäki operasiýada ýene-de 1 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Ozal hem bu sebitde geçirilen operasiýalarda 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilipdi. 

Şeýlelik bilen Siirt welaýatynyň Eruh Jiraf diýilen ýerinde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 5-e ýetdi. 

Beýanatda sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi aýan edildi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Twitter hasabyndan ozal operasiýa bilen bagly beren beýanatynda: "Siirt-Eruh Jirafdaky operasiýalarymyz dowam edýär. Gubernatorymyz, welaýat Žandarma serkerdämiz we gahryman egindeşlerim bilen ýaňyrak söhbetdeş boldym. Ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şu gün häzirlikçe 4 terrorçy boldy" diýip belläpdi. 

Beýleki tarapdan Içeri işler ministrligi, Şyrnak welaýatynyň Faraşin diýilen ýerinde we Diýarbakyrda geçirilen operasiýalarda 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Diýarbakyr welaýatyndaky howa güýçleriniň goldaw bermegindäki operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçynyň bolsa, terror sanawynyň mämişi kategoriýasy boýunça gözlenýän Ekrem Iptaş bolandygy mälim edildi. 

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi sebitine girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçynyň komandos toparlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Yragyň demirgazygyndaky Zap we Awaşin-Basýan sebitlerinde gözegçilik enjamlary bilen anyklanan PKK-ly ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 


Etiketkalar: #Siriýa , #Yrak , #Siirt , #PKK , #operasiýa

Degişli Habarlar