Erdogan: "Kadalaşma etaby bilen önümçilik, söwda we syýahatçylyk janlandy" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, täze görnüş koronawirus etabyndaky kadalaşma bilen önümçiligiň, söwdanyň we syýahatçylygyň janlanandygyny habar berdi

1435731
Erdogan: "Kadalaşma etaby bilen önümçilik, söwda we syýahatçylyk janlandy" diýdi

Prezident Erdogan "XII Halkara Yslam ykdysadyýeti we maliýesi" konferensiýasynda çykyş etdi. 

Türkiýe hökmünde bu epdemiýanyň hötdesinden iň az zyýan bilen gelen ýurtlaryň arasyndadyklaryny aýdan Erdogan: "Bu etapda ykdysady ýagdaýda ösen ýurtlaryň öz raýatlaryny maska bilen üpjün etmekde hem kynçylyk çekendigini, iň ýönekeý lukmançylyk kömegini bermändigini gördük. Öz raýatlarymyň zerurlyklaryny üpjün etmek bilen galman dünýäniň 125 ýurdyna lukmançlyk enjam kömegini ugratdyk" diýip belledi. 

Iş üpjünçiligi bilen bagly görkezijlerde hem oňyn netijelere eýe bolunýandygyny aýdan Prezident Erdogan: "2020-nji ýylyň ilkinji çärýeginde ösüş görkezijileri 4,5 göterim bilen Türkiýäniň diňe saglygy goraýyşda däl, eýsem ykdysadyýetde hem beýleki ýurtlardan položitel häsýetde tapuwutlandy. Kadalaşma etabyny durmuşa geçirmegimiz bilen birlikde önümçilik, söwda we syýahatçylyk ýaňadandan janlandy" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan: "Obýektiwligini we ynamyny ýitiren kredit derejelendiriş guramalarymyzyň çaklamalaryna üns bermeýäris" diýdi. 

"Yslam ykdysady krizisiň çykmagyň açarydyr" diýen Erdogan: "Materikleriň we medeniýetleriň çatrygynda ýerleşýän Stambulymyzy Yslam taýdan maliýeniň we ykdysadyýetiň merkezi ýagdaýyna getirmegi maksat edinýäris" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Stambul , #Türkiýe , #Erdogan

Degişli Habarlar