Türkiýe Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki hüjümi ýazgardy

Türkiýe Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki metjitleriň birine juma namazy wagtynda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

1434973
Türkiýe Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, soňky wagtlarda Owganystanda ybadat edilýän ýerlere garşy guralýan hüjümlerdäki artyşa alada bildirilýändigi mälim edildi. Beýanatda: "Owganystanyň paýtagty Kabul şäherindäki metjitleriň biriniň nyşana alynyp guralan terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys" diýip bellendi. 

Hüjümde ýogalanlar üçin Alladan rehnet, ýaralanan adamlara bolsa şypa dilenen beýanatda: "Dost we dogan Owgan halkyna gynanç bildirýäris" diýip nygtaldy. 

Türkiýe Owganystanyň paýtagty Kabul şäheriniň Karte Çar diýilen ýerinde ýerleşýän Şirşah Suri metjidinde juma namazy wagtynda guralan bombaly hüjümde metjidiň ymamy bilen birlikde asuda ilatdan ýene-de 3 adam ýogalypdy. 



Degişli Habarlar