Prezident Erdogan Aýbüke mugallym bilen bagly beýanat berdi

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan beren beýanatynda, şehit bolan mugallym Şenaý Aýbüke Ýalçyny hormat bilen hatyralady

1432640
Prezident Erdogan Aýbüke mugallym bilen bagly beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Batman welaýatynyň Kozluk etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan 3 ýyl ozal öldürilen aýdym-saz mugallymy Şenaý Aýbüke Ýalçyny hatyralap beýanat berdi. 

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan beren beýanatynda, şehit bolan mugallym Şenaý Aýbüke Ýalçyny hormat bilen hatyralady. 

Erdogan: "Şehit edilmeginiň 3-nji ýylynda Batman welaýatynda terror guramasy tarapyndan hyýanatçylyk bilen öldürilen mugallymymyz Şenaý Aýbüke Ýalçyny hormat bilen hatyralaýaryn. Başda şehit bolan mugallymlarymyz bolmak bilen, milletimiziň asudalygyna, ýurdumyzyň galkynyşyna goşant goşan bilim edaralarymyzyň ähli işgärlerini hormat bilen hatyralaýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar