Türkiýe Braziliýa dem alyş enjamlaryny ugratdy

Türkiýede öndürilip Braziliýa eksport edilen 650 sany dem alyş enjamy, ýurdyň San-Paulu şäherine bardy

1431393
Türkiýe Braziliýa dem alyş enjamlaryny ugratdy

Türkiýäniň senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Twitter hasabyndan San-Paulu ştatyna satylan dem alyş enjamlarynyň gowşurylyp alynmagy bilen baglanşykly wideo materiallary paýlaşdy. Mustafa Warank: "Wideodaky ýük ulaglarynda milli tehnologiýa göçümi bar. Dünýä nepes bolan ýerli dem alyş enjamlarymyz bar. Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň liderlerliginde eýe çykan adamzat gymmatlyklarymyz bar" diýip belledi. 

Braziliýanyň metbugatynda berilen habarlarda, Türkiýeden satyn alynan 1500 dem alyş enjamynyň 650-siniň gowşurylyp alynandygy we enjamlaryň ýekşenbe güni sebitdäki hassahanalara paýlanjakdygy aýan edildi. 

Ilaty 210 milliondan gowrak bolan Braziliýa, Kovid-19-a ýolugan adamlaryň sany boýunça dünýäde ABŞ-dan soň 2-nji orunda durýar. 

Günorta Amerika sebitinde epidemiýanyň güýç merkezi ýagdaýyna gelen ýurtda şu günki güne çenli 35 müň 930 adam ýogaldy, wirus 672 müň 846 adama ýolukdy. 



Degişli Habarlar