Sedat Önal Türkiýäniň DAIŞ-e garşy göreşi barada beýanat berdi

Maslahatyň ahyrynda çap edilen jarnama kabul edildi

1429926
Sedat Önal Türkiýäniň DAIŞ-e garşy göreşi barada beýanat berdi

Türkiýniň Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal, wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirilen DAIŞ-e garşy göreş Halkara koalisiýanyň kiçi toparynyň Daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy. 

Sedat Önal Türkiýäniň DAIŞ-e garşy göreşde iň öň hatarda bolandygyny belläp: "Türkiýe şehitler bermegiň hasabyna Koalisiýanyň içindäki terror guramasy DAIŞ-e garşy göni söweşen ýeke täk ýurt" diýip belledi. 

DAIŞ-e garşy göreşde teklip edilen 3 tapgyrly meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsleri çeken Sedat Önal, Siriýada terrora garşy göreşde kanuny hyzmatdaşlar bilen işleşilmelidigini we terroryň islendik görnüşine garşy göreş alynyp barylmalydygyny habar berdi. 

Maslahatyň ahyrynda çap edilen jarnamada, DAIŞ-e garşy göreşiň diňe ýerli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk içinde durmuşa geçirilmelidigi nygtaldy. 
 


Etiketkalar: #Sedat Önal , #Türkiýe , #DAIŞ

Degişli Habarlar