Terrora garşy göreş hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda dowam etdirilýär

Şeýlelik bilen Bitlis welaýatynda şu gün geçirilen oerasiýalarda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 4-e ýetdi

1428887
Terrora garşy göreş hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda dowam etdirilýär

Içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde Bitlis welaýatynda 4 terrorçy, Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynda bolsa terror guramasy TKP/ML-e agza, terror sanawynyň mämişi kategoriýasy boýunça gözlenen Hasan Ataş täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Ýurduň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Bitlis welaýatynda 3 gün ozal 3 terrorçynyň öli ýagdaýda ele salynandygyny, şu gün bolsa guramanyň ýene-de 2 agzasynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Süleýman Soýlu sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigini aýan etdi. 

Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Bitlis welaýatynda Welaýat Žandarma serkerdeligi tarapyndan terrorçylara garşy geçirilýän operasiýalarda ekstremist terror guramasyna agza 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi. 

Şeýlelik bilen Bitlis welaýatynda şu gün geçirilen operasiýalarda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 4-e ýetdi. 

Beýleki tarapdan Içeri işler ministrligi, Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynda terror guramasy TKP/ML-a agza, terror sanawynyň mämişi kategoriýasy boýunça gözlenen Hasan Ataş täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda, sebitdäki operasiýalaryň dowam edýändigi habar berildi. 

Ýurdyň içinde we daşary ýurtda terrorçylaryň yzyna düşen howpsyzlyk güýçleri, geçen aý geçiren üstünlikli operasiýalarynda, aralarynda guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň hem bolan jemi 70 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirip, ÝPG/PKK-a agyr zarba salandygy beýan edildi. 

Milli Goranmak ministrligi bolsa, Siriýanyň demirgazygyndaky Raselaýn etrabynda bombaly hüjüm guramak islän terrorçynyň öli ýagdaýda ele salynandygyny habar berdi. 

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: "Raselaýn etrabynda asuda ilatyň üýşen ýerine bomba ýüklenen motosikli bilen girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 1 terrorçy, ýol gözegçilik nokadynda gözegçilik geçiriljek mahaly gaçdy we şol wagt bombanyň partlamagy netijesinde maksadyna ýetmän öli ýagdaýda ele salyndy" diýip beýan edildi. 

Milli Goranmak ministrligi şeýle hem, Yragyň demirgazygyndaky hakurk sebitinde azyndan 20-25 PKK-ly terrorçynyň ýerleşip biljek 3 otaglyk bir gowagyň ýer bilen ýegsan edilendigi mälim edildi. 


Etiketkalar: #Owajyk , #Bitli , #Siriýa , #Yrak

Degişli Habarlar