Türkiýede koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşýanlaryň sany artýar

Türkiýäniň täze görnüş koronawirus epidemiýasy Kovid-19-a garşy görýän çäreleri oňyn netijeler bermäge dowam edýär

1428265
Türkiýede koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşýanlaryň sany artýar

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 22 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 585 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 32 müň 325 adam testden geçirilip, ýene-de 786 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 974 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 129 müň 921 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar