Türkiýe 1 müňden gowrak dem alyş enjam eksport etdi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank beýanat berdi

1424374
Türkiýe 1 müňden gowrak dem alyş enjam eksport etdi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, ýurtlaryň ýetip bilmedik ýerli dem alyş enjamyndan häziki wagta çenli 1 müňden gowragynyň eksport edilendigini habar berdi. 

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, wideo konferensiýa arkaly geçirilen Kaýseri Senagat palatasynyň Geňeşmeler we netijelendirme maslahatyna gatnaşdy. 

Ministr Mustafa Warank, ol ýerde eden çykyşynda, dünýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşýändigini ýatladyp, Türkiýäniň bu döwürde görkezen öndürijiligi bilen üstünlik hekaýasyny ýazandygyny belledi. 

Ýurtlaryň ýetip bilmedik ýerli dem alyş enjamyndan häziki wagta çenli 1 müňden gowragynyň eksport edilendigini aýdan Warank: "Şu günki güne çenli 1000-den gowrak dem alyş enjamyny eksport etdik. TÜBITAK guramasynyň ýolbaşçylygynda sanjym we derman bilen bagly işleri hem geçirýäris. Anyklaýyş teslerinde ýurdumyzyň adyny dünýä ýaň saldyrjak döwrebap taslamalarymyz hem dowam edýär" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar