Ibrahim Kalyn Robert Obraýen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, ABŞ-nyň Milli Howpsyzlyk maslahatçysy Robert Obraýen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1421868
Ibrahim Kalyn Robert Obraýen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklar, koronawirusa garşy göreş, NATO-nyň jebisligi, Siriýadaky we Liwiýadaky hadysalar bilen sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Telefon söhbetdeşliginde, BMG tarapyndan ykrar edilen Liwiýanyň hökümetine goldaw berilmeginiň we Hafteriň bikanun aksiýalary we hüjümleriniň bes edilmeginiň gerekdigi beýan edildi. 

Siriýa krizisine çözgüt tapylmagy we terroryň islendik görnüşine garşy göreş üçin has köp tagalla edilmeginiň gerekdigi barasynda ylalaşyga gelinen telefon söhbetdeşliginde, bu tankydy günlerde NATO-nyň jebisliginiň möhümdigi bellenip geçildi. 


Etiketkalar: #NATO , #Türkiýe , #ABŞ , #Liwiýa

Degişli Habarlar