Dünýäniň 2/3 bölegi Türkiýeden ýardam talap etdi

Fuat Oktaý, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde dünýä ýurtlarynyň 70 göterime golaýynyň Türkiýeden ýardam talap edendigini habar berdi

1418042
Dünýäniň 2/3 bölegi Türkiýeden ýardam talap etdi

Wise-prezident Fuat Oktaý Prezidentiň kompleksinde telekonferensiýa usuly bilen göni ýaýlym arkaly beýanat berdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň baştutanlyk etmeginde Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiniň bütin dünýä nusga bolandygyny aýdan Fuat Oktaý, super güýç hökmünde häsýetlendirilýän ýurtlarda uly howsalanyň başdan geçirilýändigini, Türkiýede bolsa olar ýaly ýagdaýyň bolmandygyny habar berdi. 

Fuat Oktaý, dünýäniň ençeme ýurdunyň Türkiýeden ýardam talap edendigini belläp: "Dünýädäki ýurtlarynyň 2/3 bölegi, ýagny 70 göterime golaýy Türkiýeden ýardam talap etdi. Maska, kombinezon, ellik, dem alyş enjamlary ýaly önümler boýunça talaplar bar. Şu günki güne çenli bizden ýardam talap eden 80 ýurda kömek berip bilmek mümkinçiligimiz boldy" diýip mälim etdi. 

Kovid-19-a garşy göreşde dünýäniň mätäçlik çekýän dem alyş enjamlaryny Türkiýäniň gysga wagtyň içinde öndürmäge başlandygyny aýdan Oktaý, goranyş senagatynda edilýän ösüşleriň saglygy goraýyş we awtoulag pudaklary bilen otly önümçiliginde hem amala aşyryljakdygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar