Prezident Erdogan Türk dil baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, 13-nji maý Türk dili baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

1417223
Prezident Erdogan Türk dil baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

 

Prezident Erdogan Twitteriň üsti bilen beren ýüzlenmesinde: "Türk dilinde gepläris diýdik, ýurdumyzyň bähbitlerini we ejir çeken adamlaryň haklaryny hemişe türkçe goradyk. Mundan soň hem hukuk we adalat göreşimizi hemişe türk dilinde gepleşip alyp bararys" diýip belledi. 

Türkiýäniň baýdagy bilen "13-nji maý Türk dili baýramyňyzy gutlaýaryn" diýip bellenen beýanatda, şeýle hem bir wideo bar. 

Erdoganyň dünýä liderlerine türk dilinde ýüzlenen we liderler bilen surata düşen mahaly Türkiýäniň baýdagyny ýerden galdyrýan pursatlar bolan wideoda, Stambulyň şäher häkimi wezipesini ýerine ýetiren mahaly Erdoganyň telewideniýe kanallarynyň birine gatnaşanda özüne berilen "Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bolsaňyz, beýleki ýurtlaryň liderleri bilen aragatnaşyk saklamak üçin haýsy dili ulanarsyňyz?" soragyna "Türk dilinde geplärin" diýip jogap berendigini görüp bolýar. 



Degişli Habarlar