Mugla welaýatynda 26 bosgun halas edildi

Porta getirilen bosgunlar, ol ýerdäki işlerinden soň welaýat Migrasiýa edarasyna alynyp gidildi

1413341
Mugla welaýatynda 26 bosgun halas edildi

Mugla welaýatynyň Datça etrabynda Gresiýanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy tarapyndan Türkiýäniň suw giňişligine itilen gaýykdaky 26 bosgun halas edildi. 

Datça etrabynyň Istanköý diýilen ýerinde Türkiýäniň suw giňişligine itilen bosgunlaryň ýardam talap etmegi bilen, Türkiýäniň Kenarýaka howpsyzlyk gullugy sebite gönükdirildi. 

Datça etrabynyň suw giňişliginde aralarynda çagalar we zenanlar hem bolan jemi 26 siriýaly bosgun, Türkiýäniň Kenarýaka howpsyzlyk gullygyna degişli gaýyklara geçirildi. 

Porta getirilen bosgunlar, ol ýerdäki işlerinden soň welaýat Migrasiýa edarasyna alynyp gidildi. 


Etiketkalar: #bosgun , #Datça , #Mugla

Degişli Habarlar