Sudanda koronawirusa ýolugan türk raýat tiz kömek uçary bilen Türkiýä getirildi

Hartum howa menziline düýn günortan baran tiz kömek uçary, Mahmet Hanefi Aýdyny alyp, Antalýa alyp gaýtdy

1411431
Sudanda koronawirusa ýolugan türk raýat tiz kömek uçary bilen Türkiýä getirildi

Sudanyň paýtagty Hartum şäherinde koronawirus testi položitel çykmagyna garamazdan bejergi edilmän öýüne ugradylan 55 ýaşyndaky Mehmet Hanefi Aýdyn, Saglygy goraýyş ministrligine degişli tiz kömek uçary bilen Türkiýä getirildi. 

Hartum howa menziline düýn günortan baran tiz kömek uçary, Mahmet Hanefi Aýdyny alyp, Antalýa alyp gaýtdy. 

Saglygy goraýyş minsitri Fahrettin Koja, Aýdynyň çagalarynyň sosial mediadan eden çagyryşlaryna laýyklykda, syrkawyň Türkiýä getirilmegi üçin tiz kömek uçarynyň ugradylmagy barada buýruk beripdi. 


Etiketkalar: #Hartum , #raýat , #türk , #Sudan

Degişli Habarlar