Erdogan: "Öndüren dem alyş enjamlarymyz Somalili doganlarymyza nepes bolar" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň öndüren dem alyş enjamlarynyň Somalili doganlara nepes boljakdygyny belledi

1409443
Erdogan: "Öndüren dem alyş enjamlarymyz Somalili doganlarymyza nepes bolar" diýdi
Turkiye somali yardim.jpg

Prezident Erdogan, sosial media hasaby twitteriň üsti bilen beren beýanatynda, Türkiýäniň Somali döwletine ugradan lukmançylyk enjamlary kömeginiň üstünde durup geçdi. 

Erdogan: "Milli tehnologiýa göçümi bilen öndürilen dem alyş enjamlarymyz Somalili doganlarymyza nepes bolar. Medeniýet mümkinçilik dälde, eýsem wyždan meselesidir. Milletimiziň mümkinçiliklerem wyždanam ejir çeken we mätäç bolan adamlaryň ýanyndadyr. Eziz milletim, seniň ýüregiňde merhemet atly çynar bardyr" diýip belledi. 

Beýleki tarapdan, Türkiýe täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen Somala aralarynda ýerli dem alyş enjamy hem bolan lukmançylyk enjam kömegini ugratdy. Somali, ýerli dem alyş enjamynyň ugradylan ilkinji ýurt boldy. 

Prezident rejep Taýýip Erdoganyň, buýrugy esasynda Milli Goranmak ministrligi, Saglygy goraýyş ministrligi, Senagat we tehnologiýa ministrlikleri tarapyndan taýarlanan lukmançylyk enjamlary kömegi, düýn Etimesgut harby howa menzilinden A400M kysymly ýük uçaryna ýüklendi. 

Uçarda ilkinji etapda 5 müň sany öndürilen ýerli dem alyş enjamyndan 10 sany, anyklaýyş enjamlary, kombinezon we maska ýaly lukmançylyk enjamlary bardy. 

Şeýlelik bilen Senagat we tehnologiýa ministrliginiň koordinasiýasy esasynda 14 günde tapgyrlaýyn önümçiligine başlanan ýerli dem alyş enjamynyň ugradylan ýurt we mundan öň hiç hili dem alyş enjamynyň bolmandygy anyklanan ýurt Somali boldy. 

Gutularyň üstünde Prezidentiň nyşanasy, Türkiýäniň we Somaliniň baýdaklary bilen birlikde türk we somali dillerinde ýazylan Möwlananyň "Umytsyzlygyň arkasynda ençeme umytlar bar. Garaňkynyň arkasynda ençeme ýagtylyk bar" sözleri bardy. Lukmançylyk enjamlary kömegi ýüklenen uçar Somala tarap ugrady. 

Lukmançylyk enjamlary kömegi bilen birlikde Prezident Erdoganyň Somaliniň Prezidenti Muhammed Abdullah Farmajo ýazan haty, ugradylmak maksady bilen Türkiýäniň Mogadişu şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mehmet Ýylmaza berildi. 


Etiketkalar: #Erdogan , #Türkiýe , #Somali

Degişli Habarlar