Prezident Erdogan 1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Erdogan zähmet babatynda adalaty ýola goýmak üçin göreş alyp barýandyklaryny belledi

1408856
Prezident Erdogan 1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, 1-nji maý Zähmetkeşleriň bütindünýä raýdaşlyk güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi.

Ýeke täk maýalary zähmet we gara derleri bolan, Türkiýäniň ösmeginde we özgermeginde möhüm orun eýeleýän zähmetkeşleriň 1-nji maýyny gutlan Erdogan, hökümetiň başyna gelenlerinden bäri hak gözleginiň ylalaşyk esasynda dowam etdirilmegine ynanandyklaryny, zähmet babatynda bolsa adalaty ýola goýmak üçin göreş alyp barýandyklaryny belledi. 

"Bütin dünýäni täsiri astyna alan koronawirus epidemiýasyna garşy alyp göreşde zähmetkeşlerimizi ählitaraplaýyn gorajak öňüni alyş çärelere we goldawlara uly ähmiýet berdik" diýen Erdogan, Türkiýe ösdügi, güýçlendigi, baýlaşdygy saýyn alynan düşewüntden milletiň her bir agzasynyň peýdalanmagy üçin hemmetaraplaýyn tagalla etmäge dowam etjekdiklerini habar berdi. 

Zähmetkeşleriň hakynyň, hukugynyň goralmagy üçin ediljek islendik tagallany goldamaga dowam etjekdiklerini aýdan Erdogan, bütin dünýäde zähmetkeşleriň jebislik we raýdaşlyk güni hökmünde bellenilip geçilýän 1-nji maýyň, dogruçyl we adalat çäginde zähmet gurşawynyň emele gelmegini diledi. 


Etiketkalar: #1-nji maý , #zähmet , #Erdogan

Degişli Habarlar