Erdogan Lukmançylyk Kömegi Bilen Bilelikde Prezident Trampa Hat Ugratdy

Erdogan hatynda: “Şu ýönekeý kömegiň göreşimize goldaw we kesele duçar bolan raýatlaryňyzyň sagalmagyna goşant goşmagyny dileýärin” diýip, ýazdy

1407360
Erdogan Lukmançylyk Kömegi Bilen Bilelikde Prezident Trampa Hat Ugratdy

Prezident R.T.Erdogan ABŞ-nyň Kongresiýanyň we Amerikan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täze görnüş koronawirus epidemiýasynda Türkiýäniň edýän arkalaşygynyň netijesinde Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň strategik ähtmiýetine has gowy göz ýetirmegini tama edýändigini nygtady.

“Şu ýönekeý kömegiň göreşimize goldaw we kesele duçar bolan raýatlaryňyzyň sagalmagyna goşant goşmagyny dileýärin” diýip ýazan Erdogan hatynda: “Ýurdumyň ABŞ-nyň ynamdar we güýçli hyzmatdaşy hökmünde ähli arkalaşygy dowam etdirjekdigine ynandyrasym gelýär. Sebitimizdäki soňky wakalar Türk-Amerikan hyzmatdaşlygynyň hem-de arkalaşygynyň ýokary derejede dowam etdirilmeginiň nähili möhümdigini görkezýär. Men gelejekde-de Kongresiň we Amerikan metbugat organlarynyň hem epidemiýada edýän arkalaşygymyzyň netijesinde gatnaşyklarymyzyň strategik ähmiýetine has gowy göz ýetirip, umumy meselelere garşy bilelikde göreşilmelidigi düşünjesine laýyklykda hereket etmegini tama edýärin” diýip ýazdy.

Amerikan halkynyň degişli çäreleri görüp, hemmelere çuňdan synaýan şu dartgynlygy gysga möhletde ýeňip geçjekdigine doly ynanýandygyny beýan eden Erdogan: “Bu tapgyrda hem epidemiýa garşy göreşiň talap edýän başlangyç talaplarynyň kanagatlandyrylmagynda hem-de kadalaşyş tapgyrynda ýurdumyň ABŞ-nyň ynamdar we güýçli hyzmatdaş hökmünde ähli arkalaşygy dowam etdirjekdigine ynandyrasym gelýär” diýip, ýazdy.

 



Degişli Habarlar