Afrinde guralan bombaly hüjüme garşy reaksiýa bildirilýär

Wise-prezident Fuat Oktaý, Siriýanyň Afrin sebitinde düýn guralan hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýandygyny belledi

1407724
Afrinde guralan bombaly hüjüme garşy reaksiýa bildirilýär

Fuat Oktaý, twitter hasabyndan beren beýanatynda, terror guramasy PKK/ÝPG-nyň Afrin etrabynyň merkezinde bomba ýüklenen ýangyç tankeri bilen guran hüjümini ýazgardy. 

Fuat Oktaý: "Mübärek Oraza aýynda Afrinde guralan bu hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýaryn. Ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýärin. Terror guramasyna goldaw berýän we sesini çykarman ýüreklendirýän her kimiň eline bigünä adamlaryň we çagalaryň gany ýokdy" diýip belledi. 

TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop hem hüjüme reaksiýa bildirip: "Hiç bir mukaddesligi bolmaýan gana suwsan bu terror guramasyny ýazgarýaryn" diýip nygtady. 

Mustafa Şentop, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, hyýanatçylykly terror guramasy PKK/ÝPG-niň, Afrinde Oraza aýynda çaga, uly adam tapawut goýmadan asuda ilaty gyrandygyny habar berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa hüjüm bilen baglanşykly: "Terror guramasyna goldaw berýänler we ony terror sanawyndan çykarmaga synanyşýanlar hem bu hyýanatçylykly hüjümiň jogapkäridir" diýip belledi. 

Çawuşogly: "Hyýanatçy terror guramasy PKK/ÝPG bu mukaddes oraza aýyndada çaga diýmän asuda ilaty gyrdy" diýip nygtady. 

Milli Goranmak ministrliginden düýn berilen beýanatda, terror guramasy PKK/ÝPG-nyň Afriniň merkezinde asuda ilatyň üýşen ýerleriniň biri bolan şäheriň Raju köçesinde guran hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 11-i çaga jemi 40 adamyň ýogalandygyny, 47 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar