Emine Erdoganyň 23-nji aprel Milli häkimiýet we Çagalar baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdogan TBMM-nyň 100 ýyllygy we 23-nji aprel Milli häkimiýet we Çagalar baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

1404130
Emine Erdoganyň 23-nji aprel Milli häkimiýet we Çagalar baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesi

Emine Erdogan, Twitter hasabyndan paýlaşan gutlag ýüzlenmesinde: "Doganlyk gatnaşygy we söýgüni artdyrýan bu baýramy bütin dünýäniň çagalaryna peşgeş eden Gazy Mustafa Kemal Atatürki we Watan ugrunda mertlerçe söweşip, şehit bolan ähli adamlary hatyralaýarys. 23-nji aprel Milli häkimiýet we Çagalar baýramyňyz gutly bolsun" diýip belledi. 

Twitter hasabyndan paýlaşan gutlag ýüzlenmesinde, Prezident Erdoganyň çagalar bilen düşen suratyny hem paýlaşan Emine Erdogan: "TBMM, Eziz türk milletiň garaşsyzlyk ugrundaky söýgüsiniň bir simwoly hökmünde eýýäm 100 ýyl bäri dik aýakda dur. Gadyrly çagalar! Ýel bolup entek ençeme ýüz ýyl şöhratly baýdagymyzy pasyrdatjak sizsiňiz" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar