Prezident Erdogan: “Türkiýe Global Derejedäki Üýtgedip Gurma Tapgyrynyň Merkezinde”

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň Global Derejedäki Üýtgedip Gurma Tapgyrynyň Merkezindedigini habar berdi

1402750
Prezident Erdogan: “Türkiýe Global Derejedäki Üýtgedip Gurma Tapgyrynyň Merkezinde”

Erdogan wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçirilen, Adalat we ösüş partiýasynyň Merkezi dolandyryş geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda, Türkiýäniň dünýäniň beýleki ýurtlary ýaly koronawirus epidemiýasyna garşy göreş alyp barýandygyny belläp: "Saglygy goraýyş meselesi bolan bu epidemiýa, ykdysady netijesine görä II Jahan urşyndan soňky iň uly krizis ýagdaýyna geldi. Esasan hem ösen ýurtlaryň bular ýaly giň gerimli krizisiň öňündäki çäresizligi, geljek bilen baglanşykly ähli maksatnamalaryny ýaňadandan gözden geçirilmegini mejbur edýär" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Ýewropanyň ähli ýeri we Eýran ýaly epidemiýanyň uly ýitgiler çekdiren ýurtlaryň ýanyndaky Türkiýäniň bu etabyň daşynda galmagy, adaty ýagdaýda mümkin däldi. Emma biziň beýleki ýurtlardan tapawudymyz, hem güýçli saglygy goraýyş infrastrukturamyza eýe bolmagymyz we gerek bolan öňüni alyş çärelerini wagtynda görmegimiz boldy" diýip nygtady. 

Türkiýäniň II Jahan urşundan bäri ilkinji gezek, global derejedäki bir üýtgedip gurma etabynyň merkezinde bolmak mümkinçiligine eýe bolandygyny aýdan Erdogan: "Epidemiýa garşy göreşmek bilen birlikde, epidemiýadan soň dünýäde, sebitimizde we ýurdumyzda ýüze çykjak täze ýagdaýlara taýarlykly bolmagymyz hem möhümdir" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Oraz aýynyň dowamynda öňüni alyş çäreleri iň ýokary derejede saklap, nesip bolsa baýramdan soňky etap üçin ýurdumyzy gündelik kadaly durmuşa geçmegini maksat edinýäris" diýdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #Erdogan

Degişli Habarlar