Britaniýanyň Goranmak ministri Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Türkiýe geçen hepde Britaniýa lukmançylyk enjamlary kömegini beripdi

1399092
Britaniýanyň Goranmak ministri Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

 

Britaniýanyň Goranmak ministri Ben Uelles, koronawirusa garşy göreşiň çäginde ýurduna beren kömekleri üçin Türkiýä sag bolsun aýtdy.

NATO-nyň Goranmak ministrleriniň wideo konferensiýa arkaly geçirlen maslahatyndan soň, Britaniýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan ýazmaça beýanat berildi.

NATO agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga üns çekilen beýanatda, Türkiýäniň geçen hepde Britaniýa lukmançylyk enjamlary kömegini berendigi ýatladyldy.

Beýanatda, Goranmak ministriniň lukmançylyk enjamlary kömegi üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirendigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar