Goranmak ministrligi: "Kandilde 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi"

Yragyň demirgazygyndaky Kandilde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1398761
Goranmak ministrligi: "Kandilde 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi"

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Yragyň demirgazygyndaky Kandilde gözegçilik enjamlary bilen anyklanan PKK-a agza 4 terrorçy, howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Beýanatda mundan başgada: "Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde dowam edýän gözleg we saplaýyş işlerinde, terror guramasy PKK-a degişli gaçybatalgalarda we gowaklarda zenit ýaragyna degişli 3 guty ok-däri, 3 sany RPG-7 raketanyň ok-därisi, elde ýasalýan bombalarda ulanylýan däriler, köp mukdarda ammoniý nitrady, ýaragyň 2 magazini, köp sanda gurama degişli resminamalar we gündelik ýaşaýyş üçin materiallar ele salynyp ýok edildi" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar