Pandemiýa bölümindäki kesellilere robotlar sereder

Robotlaryň synagdan geçirilendigi we öndürilmäge başlanandygy habar berildi

1395991
Pandemiýa bölümindäki kesellilere robotlar sereder
pandemi servisi robotlar.jpg
pandemi servisi robotlar1.jpg

Stambul uniwersitetiniň 3D Formatly lukmançylyk we industrial dizaýn laboratoriýalary we Ýyldyz tehniki uniwersiteti bilelikde koronawirus hassalary bilen lukmanlaryň arasyndaky gatnaşygy azaltmak üçin robot dizaýn etdi.

Üç günde dizaýn edilen “Tetrobo” atly robot, Stambulyň Lukmançylyk fakultetiniň pandemiýa bölümindäki kesellilere nahar, derman, suw ýaly zatlaryň berilmeginde peýdalanylar.

Mobil ulgam arkaly dolandyrylýan robot arkaly lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň hassa bilen gatnaşygy azaldylyp, wirusyň ýokaşma howpyndan goralmagy maksat edinilýär.

Stambulyň Lukmançylyk fakultetiniň mugallymasy Dr. Leýla Türker Şener koronawirus epidemiýasynda ähli adamlar üçin “Oýde bol” çagyryşynyň berilýändigi, saglygy goraýyl ulgamynyň işgärleriniň hassalara 7 günüň dowamynda 24 sagat hyzmat edýändigine, şol sebäpli wirus ýokaşma howpy ýokary bolan topara degişlidigine ünsi çekdi.

Şonuň üçin hem saglygy goraýyş ulgamynyň işhgärlerine şeýle rotob öndürendiklerini beýan eden Şener, robotyň ýokary ukyply, hassa bilen lukmanyň arasynda şekilli gepleşik geçirmäge şert döredýän görnüşiniň hem öndüriljekdigini aýtdy.

Şener robotyň Stambulyň lukmançylyk fakultetiniň pandemiýa bölüminde synagdan geçirilendigi we oňyn netije alandyklaryny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar