Türkiýe Britaniýa lukmançylyk enjamlaryny ugratdy

Türkiýäniň Britaniýa koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde ulanyljak lukmançylyk enjamlaryny daşaýan harby ýük uçary, paýtagt Ankaradan ýola çykdy

1395316
Türkiýe Britaniýa lukmançylyk enjamlaryny ugratdy

Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan taýarlanan N95 görnüşli maskalar we kombinezonlar, Etimesgut harby howa bazasyndan A400M kysymly ýük uçaryna ýüklenip, Britaniýa ugradyldy. 

Ugradylan gutularyň üstüne bolsa türk we iňlis dillerinde, Möwlana Jelaleddin Rumynyň "Umytsyzlygyň arkasynda ençeme umytlar bar. Garaňkynyň arkasynda ençeme güneş bar" sözleri ýazyldy. 

Britaniýa ertir bolsa lukmançylyk enjamlarynyň ugradylmagy meýilleşdirilýär. 

Türkiýe ozal bolsa Italiýa, Ispaniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Çernogoriýa, Serbiýa, Bosniýa-Gersegowina we Kosowa ýaly ýurtlara hem lukmançylyk enjamlaryny ugradypdy.

 



Degişli Habarlar