Erdogan: “Koronawirus epidemiýasyna garşy ähli çäreler görülýär”

Prezident R. T. Erdogan, koronawirus epidemiýasyna garşy döwletiň  degişli ähli çäreleri görýändigini aýtdy

1393907
Erdogan: “Koronawirus epidemiýasyna garşy ähli çäreler görülýär”

Prezident Erdogan beren beýanatynda “Türkiýe, soňky 18 ýylda ähli taraplaýyn eden öňe gidişlikleri netijesinde koronawirus epidemiýasyna garşy uly taýarlyk gören ýurtlardan biri” diýdi.

Beýanatynda “165 müň lukmanymyz, 205 müňi şepagat uýasy, jemi 490 müň saglygy goraýyş we 360 müň kömekçi hünärmenlerimiz üçin uly saglygy goraýyş goşunymyz bar” diýen Erdogan “Alada etmäň, wirus we epidemiýa Türkiýeden güýçli däl. Halkara epidemiýa öwrülen koronawirusa garşy ýurt boýunça milli göreş alyp barýarys. Döwlet ähli çäreleri görýär, milletimiziň saglygyna howp salýan epidemiýa garşy ähli mümkinçiligimizi mobilizleýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar