“Ýurdumyzda durmuşy kadalaşdyrmak 83 millonlyk ilatymyzyň elinde”

Prezident Erdogan, koronawirusa garşy göreşiň çäginde goşmaça çäreleriň görlendigini aýtdy

1390920
“Ýurdumyzda durmuşy kadalaşdyrmak 83 millonlyk ilatymyzyň elinde”

Prezident R. T. Erdogan, koronawirusa garşy göreşiň çäginde goşmaça çäreleriň görlendigini aýtdy.

Epidemiýa bilen arabaglanşykly döredilen Ylym geňeşiniň beren maslahatlaryna laýyklykda degişli guramalar tarapyndan käbir kararlaryň kabul edilendigini aýdan Prezident Erdogan şu gijeden başlap goşmaça çäreleriň görlendigini belledi.

20  ýaşyna çenli bolan raýatlaryň köçä çykmagy we 15 gün möhlet bilen 31 şähre ulaglaryň girmegi we çykmagy gadagan edildi. Köçä çykanlara hem maska dakmak mejburlygy getirildi.

Düzgünleri berjaý etmediklere degişli jezalaryň beriljekdigini ýatladan Prezident Erdogan “Maksadymyz raýatlarymyzy biynjalyk etmek däl, eýsem hem öz saglyklaryny hem-de olar bilen gatnaşyk edenleriň saglygyny goramak” diýdi.

“Düzgünleri näçe gyşarnyksyz berjaý etsek, epidemiýa hem şol derejede gözegçilik astyna alynar, howp ortadan aýrylar” diýen Prezident Erdogan, sözlerini “Ýurdumyzda durmuşy kadalaşdyrmak 83 millonlyk ilatymyzyň elinde” diýip tamamlady.

 

 



Degişli Habarlar