88 ýurt Türkiýeden lukmançylyk enjamlaryny sorady

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa bölüminiň müdüri Kluge bilen wideo konferensiýa arkaly gepleşik geçirdi

1390150
88 ýurt Türkiýeden lukmançylyk enjamlaryny sorady
fahrettin koca dso direktoru.jpg
fahrettin koca.jpg

 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa bölüminiň müdüri Dr. Hans Kluge bilen wideo konferensiýa arkaly gepleşik geçirdi.

Wideo konferensiýada koronawirus epidemiýasy hakynda pikir alyşyldy we Türkiýe bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa bölüminiň arasynda 2020 we 2021-nji ýyllary öz içine alýan iki ýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

Wideo konferensiýa Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkiýe bölüminiň başlygy Dr. Pawel Ursu hem gatnaşdy.

Dr. Hans Kluge Kowid-19-yň täze merkeziniň Demirgazyk Amerikadygyny nygtady we saglygy goraýyş işgärleriniň wirusdan goralmagy üçin maska we beýleki goraýjy serişdeleriň örän möhümdigini nygtady.

Kluge bu mesele İtaliýa we İspaniýa bilen birlikde birnäçe ýurda ýardam beren Türkiýä sag bolsun aýtdy.

Kluge, wirusa garşy göreşe uly ähmiýet berýän we liderlik edýän Prezident R. T. Erdogany hem gutlady.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja hem, epidemiýanyň başlan gününden bäri Türkiýäniň berk çäre görýändigini belledi.

Ministr Koja “Dünýäde başlandan 90 gün soň 10-njy martda ýurdumyzda ilkinji keselli hasaba alyndy”diýdi.

Koja, Türkiýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň güýçlidigini we lukmançylyk enjamlary taýdan hem uly mümkinçilige eýedigini belledi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja “Epidemiýa garşy göreşde 88 ýurt bizden lukmançylyk enjamlaryny sorady. 30-a golaý ýurdyň islegini kanagatladyrmak üçin uly tagalla etdik” diýdi.



Degişli Habarlar