Türkiýede Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 44 adama ýetdi

Koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 1872 adama ýetdi

1384403
Türkiýede Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 44 adama ýetdi

 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Twitterden beren beýanatynda “Kowid-19 sebäpli ýene-de 7 adam ýogaldy, 343 adama hem koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy” diýildi.

Ministr Koja soňky 24 sagatda 3952 testiň geçirlendigini we ýene-de 343 adama Kowid-19-yň ýokaşandygynyň anyklanyldygyny belledi.

Türkiýede koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 1872 adama ýetdi.

Saglygy goraýyş ministri “Kowid-19 sebäpli ýitgi çeksek-de Türkiýe üçin giç däl. Çäreler, wirus ýokaşanlaryň sanynyň köpelmeginiň öňüni alyp biler” diýdi.



Degişli Habarlar