Türkiýede koronawirusyň anyklanmagy üçin tiz anyklaýyş komplekti ulanylmaga başlandy

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrligi, wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin testleriň sanyny artdyrdy

1382548
Türkiýede koronawirusyň anyklanmagy üçin tiz anyklaýyş komplekti ulanylmaga başlandy
koronavirus 15 dk. tani kiti1.jpg
koronavirus 15 dk. tani kiti.jpg

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministrligi, dünýäniň ähli ýerinde täsirli bolan we müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolýan täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy görýän çärelerini artdyrýar.

Test geçirip boljak laboratoriýalaryň hem sanyny köpelden Saglygy goraýyş ministrligi, indi bolsa 15 minut ýaly gysga bir wagtda netijesini görüp boljak anyklaýyş komplektlerini ulanmaga başlady. 

Mundan beýläk koronawirus 60-90 minut aralygynda giňişleýin netije alyp bolýan ýerli anyklaýyş komplekti bilen birlikde, 15 minut ýaly bir gysga wagtda netijesini bilip boljak tiz anyklaýyş komplekti ulanylar. 



Degişli Habarlar