Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Türk esgerler hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda terrorçylara garşy üstünlikli operasiýalar geçirýär

1375262
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda, türk esgerleriň Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň geçirilen ýeri bolan sebitiň günortasyna girmäge synanyşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 18 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirendigi habar berildi.  

Beýleki tarapdan, Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitinde Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň we Milli Howpsuzlyk gullugynyň koordinasiýa etmegi bilen geçirilen howa hüjümlerinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli 5 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi.  

Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: “Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň we Milli Howpsuzlyk gullugynyň koordinasiýa etmegi bilen geçirilen howa hüjümlerinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýokary derejeli 5 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi.  Terror guramanyň ähli hinleri öz üstlerine ýumrular” diýip bellendi.

Yragyň demirgazygyndaky Kandil we Awaşin-Basýan sebitlerinde anyklanan PKK-ly 3 terrorçy hem, howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar