Süleýman Soýlu Gresiýa geçen bosgunlar bilen bagly beýanat berdi

Ministr Süleýman Soýlu, Twitter hasabyndan beýanat berdi

1373441
Süleýman Soýlu Gresiýa geçen bosgunlar bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Türkiýäniň wagty bilen sagat 12:10-e çenli Edirne welaýatyndan Gresiýa geçen bosgunlaryň sanynyň 142 müň 175-e ýetendigini habar berdi.

Ministr Süleýman Soýlu, Twitter hasabyndan Türkiýeden çykan bosgunlaryň sany bilen baglanşykly: “Türkiýäniň wagty bilen sagat 12:10-e çenli Edirne welaýatynyň Meriç etrabyndan Gresiýa geçen bosgunlaryň sany 142 müň 175-e ýetdi” diýip habar berdi.

Beýleki tarapdan Gresiýanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri, Lesbos adasyna gitmäge synanyşan bosgunlary daşaýan gaýyga böwet boldular.

Düýn agşam Lesbos adasynyň Skala Sikaminea kenaryna baran başga bir bosgun topary bolsa, Gresiýanyň Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleriniň gaýyklaryna od açandygyny we tolkun emele getirip gaýygy duruzmaga synanyşandygyny aýan etdiler.

Skala Sikaminea kenaryna baryp ýeten bosgunlar, ýagyşly we sowuk howa garamazdan deňiziň kenarynda irdene çenli saklandylar.  

Öl ýagdaýda kenara baran bosgunlar, irdene çenli özlerine berilen ýekeje ýorgan bilen sowukdan goranmaga synanyşdylar.

Bosgunlar iň gysga wagtda howpsyz ýere alynyp gidilmeklerine garaşýarlar.


Etiketkalar: #Lesbos , #bosgun , #Edirne , #Türkiýe

Degişli Habarlar