Erdogan-Putin Duşuşygy Tamamlandy

Prezident R. T. Erdogan Siriýanyň Idlib welaýatynda şu güje hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşygyň güýje girjekdigini aýtdy

1372949
Erdogan-Putin Duşuşygy Tamamlandy

Iş sapary bilen Moskwa giden Prezident Erdogan Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Duşuşygyň 6 sagat dowam edendigini nygtan Prezident Erdogan “Idlibde ýaşaýan 4 million adamy terrorçy hökmünde yglan edip, olaryň bombalanmaklaryny kabul etmeris. Asada tabynlykdaky güýçlerden gaçan 1,5 million adam serhetlerimize çenli geldi. Türkiýe şeýle uly howpa degişli çäräni görer” diýdi.

Idlibde çaknyşyksyz zolagy döreden 2018-nji ýylda kabul edilen Soçi ylalaşygyny bozýan wakalaryň birinji derejeli jogapkäriniň hüjümleri bilen  Asada tabynlykdaky güýçleriň sebitiň durnuklylygyny nyşana alýandygyny aýdan Prezident Erdogan “ Asada tabynlykdaky güýçleriň esgerlerimizi nyşana alan hüjümleri sebäpli başdan geçirlen gynandyryjy wakalardan soň Idlibde ýagdaýyň ozalkysy ýaly dowam etmejekdigini belledi.

Sebitde şu gije hüjümleriň bes edilmegi üçin gazanylan ylalaşygyň güýje girjekdigini aýdan Erdogan “Türkiýe şol etapda Asada tabynlykdaky güýçleriň gurajak ähli hüjümlerine degişli gaýtawuly berer” diýdi.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bolsa “ Diýseň ynjyk ýagdaýlarda hem, başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmegi üçin hemişe gepleşikler geçirildi we ylalaşyklar gazanyldy. Şu gün hem şeýle boldy”diýdi.

Putin Erdogan bilen asuda ilatyň çekýän ýitgisiniň azaldylmagy, hüjümleriň bes edilmegi we ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin resminama taýarlandyklaryny aýtdy.

Wladimir Putin şu ýyl Prezident Erdogan bilen 3-nji gezek duşuşýandygyny belledi we sapary üçin Prezident Erdogana sag bolsun aýtdy.

Toparara gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylan resminama Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen rus kärdeşi Sergeý Lawrow tarapyndan okaldy.

Resminama, Idlibde ylalaşygyň güýje girmegi bilen ähli harby operasiýalaryň bes edilmegini, M-4 gara ýolunyň demirgazygy bilen günortasynda 6 kilometrlik zolakda howpsyz koridoryň döredilmegini, türk-rus bilelikdäki gözegçilik işleriniň 15-nji martda başlamagyny göz öňünde tutýar.

 



Degişli Habarlar