Erdogan Putin bilen 5-nji martda Stambulda duşuşjakdyklaryny aýtdy

Prezident R.T.Erdogan Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen 5-nji martda Stambulda duşuşma ähtimallygynyň ýokarydygyny mälim etdi

1366921
Erdogan Putin bilen 5-nji martda Stambulda duşuşjakdyklaryny aýtdy

Prezident Erdogan düýn Azerbaýjana saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugatyň wekilleriniň soraglaryna jogap berdi.

Erdogan, “İdlib meselesinde Putin, Makron we Merkel bilen dört taraplaýyn maslahat geçirilermi” diýlen soraga: “Bu dört taraplaýyn maslahatyň geçirilip-geçirilmejekdigi belli däl, diýsem has ýerlikli bolar. Çünki Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin “Biz ony ikimiz bilelikde geçirsek has ýerlikli bolar” diýlen teklibi hödürläni üçin, men olam bolar, dört taraplaýynam bolar. Häzirki wagtda İdlibde biziň ikimiziň karary uly ähmiýete eýe. Wagty boýunça ylalaşdyk diýsemem bolar, ýagny 5-nji martda… Ýeri boýunça-da Stambulda geçirilme ähtimallygy ýokary” diýip jogap berdi.

Paýtagt Ankara gelen rus wekiliýeti bilen mesele boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini nygtan Erdogan: “Şol wekiliýetlerara gepleşikleriň netijesine görä biz hem telefon diplomatiýasyny dowam etdireris” diýdi.

Soçi ylalaşygy boýunça hem garaýyşlaryny beýan eden Prezident Erdogan, Siriýanyň hökümetine degişli güýçler tarapyndan türk harby gözegçilik nokatlarynyň gabaw astyna alynmagyna ýol bermejekdiklerini aýtdy.

Erdogan: “Soçi ylalaşygynyň talaplary berjaý edilmeli we bu meselede egilşik etmeris” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampdan goldaw sözüni alandygyny beýan eden Erdogan, henize çenli goldawyň gelmändigini, Tramp bilen ýene-de bir gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdigini aýtdy.

Erdogan: Häzirki wagtda ABŞ-nyň bize berere Patriot howa goranyş ulgamy ýok. Biz teklibimizi hödürledik. “Eger bize uğratsanyz biz sizdenem Patriot alarys” diýdik” diýdi.



Degişli Habarlar