Türkiýe Owganystanda hüjümleriň azaldylmagy baradaky karardan hoşal

Türkiýe Owganystanda hüjümleriň azaldylmagy babatynda gazanylan ylalaşykdan hoşaldygyny beýan etdi

1364375
Türkiýe Owganystanda hüjümleriň azaldylmagy baradaky karardan hoşal

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, ABŞ-Taliban parahatçylyk ylalaşygynyň çägindäki gepleşikler bilen bagly ýazmaça beýanat berdi.

“ABŞ bilen Talibanyň 22-nji fewraldan başlap Owganystanyň ähli ýerinde 7 gün möhlet bilen hüjümleriň azaldylmagy bilen bagly ylalaşygy uly hoşallyk bilen kabul edýäris” diýip berilen beýanatda, şol möhlet aralygynda ylalaşygyň düzgünleriniň doly ýagdaýda berjaý edilmeginiň we hüjümlerden uzak durmagyň möhümdigi bellendi.

Beýanatda, ABŞ bilen Talibanyň arasynda gol çekişilmeli göz öňünde tutulýan şertnamanyň, owganlaryň arasyndaky gepleşikler bilen ýola goýuljak hemişelik parahatçylygyň öňüni açjakdygyna ynanylýandygy nygtalyp, bu tapgyryň doly ýagdaýda tamamlanmagy üçin onuň ähli gatlaklary öz içine almalydygy we taraplaryň ählisiniň konstruktiw bir pozisiýa eýelemelidigi bellendi.  

Owganystanda hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin sebitiň ýurtlary başda bolmak bilen ähli halkara guramalara gerek bolan goldawyň berilmegi barada çagyryş berilen beýanatda: “Türkiýe bu çäkde dostlukly we doganlyk Owganystanyň halkyna goldaw bermäge dowam eder” diýip nygtaldy.



Degişli Habarlar