Prezident Erdogan bilen Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki lider Siriýanyň hökümetiniň Idlibde guraýan hüjümleriniň we gumanitar pajyganyň bes edilmegi hakynda pikir alyşdy

1364202
Prezident Erdogan bilen Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berlen beýanata görä, Erdogan bilen Putin telefon söhbetdeşliginde Siriýanyň hökümetiniň Idlibde guraýan hüjümleriniň we gumanitar pajyganyň bes edilmegi hakynda pikir alyşdy.

Erdogan bilen Putin Idlibde çözgüdiň Soçi ylalaşygynyň doly ýerine ýetirilmeginden geçýändigini belledi.

Iki lider gazanylan ähli ylalaşyklara we şertnamalara baglydyklaryny belledi.

Prezident Erdogan, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Siriýa bilen birlikde şeýle hem Liwiýada başdan geçirilýan soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar