Erdogan Makron we Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R.T.Erdogan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen üçtaraplaýyn telefon söhbetdeşligini geçirdi

1363928
Erdogan Makron we Merkel bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Germaniýanyň Hanau şäherinde guralan rasist hüjümde pida bolanlar üçin duýgudaşlyk bildirip, ýaralananlara şypa diläp; daşary ýurtly duşmançylygyna, ekstremizme we Yslamafobiýa esaslanýan bu hüjümleri berk ýazgarýandygyny beýan etdi.

Siriýanyň hökümetiniň we onuň ýaranlarynyň İdlibdäki hüjümleriniň öňüniň alynmalydygyny bellän Prezident Erdogan, gumanitar pajyganyň öňüniň alynmagy üçin konkret çäreleriň görülmelidigini nygtay.

Prezident Erdogan Liwiýanyň halkynyň hem parahatçylyk, abadançylyk we durnuklylyk şertlerinde ýaşamagy üçin durnukly syýasat alynyp barylmalydygyny aýtdy.



Degişli Habarlar